Serdar Berdimuhamedow halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirilmelidigini nygtady

24.09.2023, 16:2711,259

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutany halkara maýa goýum mümkinçilikleri netijeli ulanylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak utgaşykly hem-de toplumlaýyn esasda ýola goýulmalydygyny belledi.

«Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Yslam Ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidir. Bilelikde maýa goýum forumlary we işewürler maslahatlary geçirilmelidir» – diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.