Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

26.09.2023, 18:199,222

Şu gün, 26-njy sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen  Russiýa  Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda köptaraply türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada düýpli pikir alşyldy.
Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Rustam Minnihanow ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk  eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişligindäki belent abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki  türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň seljermesini geçirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.