Halkara Olimpiýa Komiteti 2030-njy we 2034-nji ýyllaryň gyşky oýunlarynyň paýtagtyny saýlar

15.10.2023, 18:174,794

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) birbada 2030-njy we 2034-nji ýyllarda Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýerini saýlamagy meýilleşdirýär. Bu hili karar HOK-nyň Hindistanda geçirilen 141-nji mejlisiniň barşynda sesleriň aglabasy bilen kabul edildi.

Iki sany Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýerleri geljek ýyl Parižde HOK-nyň mejlisiniň barşynda tassyklanylar.
Gyşky oýunlaryň geçirilmegine häzirki wagtda ABŞ, Şweýsariýa we Fransiýa dalaş edýär. 2026-njy ýylda Gyşky Olimpiada Italiýada geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.