Wise-premýer T.Atahallyýew Täjigistanda gulluk iş saparynda bolar

27.11.2023, 08:215,231

2023-nji ýylyň 26 — 28-nji noýabry aralygynda wise-premýer T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, wekiliýet Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.