Türkmenistanyň Mejlisi 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini tassyklady

27.11.2023, 08:258,041

Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Karary kabul etdi. Degişli Karara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler boýunça 124 299 117,6 müň manat we çykdajylar boýunça 117 601 110,4 müň manat möçberinde ýerine ýetirilendigi tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.