Türkmenistanyň Prezidentine mukaddes Gurhanyň käbir aýatlarynyň altyn suwy bilen ýazylan ýörite sowgady gowşuryldy

03.12.2023, 17:0242,422

Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri we Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň adyndan mukaddes Gurhanyň käbir aýatlarynyň altyn suwy bilen ýazylan ýörite sowgady gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow bu sowgady minnetdarlyk bilen kabul edip, muňa depginli ösdürilýän hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan dostlukly türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň  nyşany hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.