Emeli aň üçin çip bazarynyň 70-90%-i Nvidia-nyň paýyna düşýär. Kompaniýanyň bazar bahasy bir ýylda üç esse ýokarlandy

30.01.2024, 14:025,401

Nvidia amerikan tehnologiýa kompaniýasynyň bazar bahasy emeli aň üçin çiplere bolan islegiň düýpgöter artmagy netijesinde geçen ýyl üç esse ýokarlandy we häzir 1,5 trln dollara barabar. Muny Gartner we Moor Insights & Strategy kompaniýalarynyň analitikleriniň maglumatlary görkezýär diýip, ixbt.com habar berýär.

Häzir Nvidia emeli aň üçin ýarym geçirijileriň bazarynyň, takmynan, 70-90%-ini eýeleýär. Hünärmenler şeýle giň gerimiň sebäbini görkezmeýärler, ýöne bu islendik ýagdaýda-da häzirki wagtda Nvidia-nyň bu ugurda monopoliýaçydygyny aňladýar.
Diňe 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 25% ýokarlandy.
AMD bilen Intel kompaniýalarynyň emeli aň üçin çip bazaryndaky paýlary barada heniz maglumat ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.