ÝUNISEF Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna Güwänama gowşurdy

24.02.2024, 17:3311,347

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna saglygyny dikeltmek üçin kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga bolan goşandy üçin diýen Güwänamany gowşurdy.

Degişli Güwänamany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji fewralda Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde gowşurdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde ýaşaýan saglygyny dikeltmek   üçin kömege mätäç çagalaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeltmegi boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.