Nokia arassa nol zyňyndylara ýetmek maksadyny 10 ýyl çaltlaşdyrar

27.02.2024, 14:377,541

Finlýandiýanyň telekommunikasion enjamlary öndürijisi Nokia Corp. 2040-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň arassa nol görkezijisini (net zero) gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada MarketWatch-a salgylanyp, Interfax.ru habar berýär.

Öň, kompaniýa bu maksada 2050-nji ýyla çenli ýetmekçidi.
Şol bir wagtyň özünde, Nokia öz işini karbonsyzlaşdyrmagy çaltlaşdyrar. Mundan öň, ol 2030-njy ýyla çenli göni (Scope 1) we gytaklaýyn (Scope 2 we 3) zyňyndylary 2019-njy ýylyň derejesi bilen deňeşdirilende iki esse azaltmakçydygyny aýtdy.
Kompaniýa zyňyndylary azaltmak boýunça tagallalaryň çäklerinde önümleri işläp taýýarlamak, innowasion iş, pes uglerodly elektrik, energiýa we material taýdan netijelilik, şeýle-de atmosferadan kömürturşy gazy aýyrmak ýaly ugurlara ünsi jemlär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.