Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň barşynda 3 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi

01.03.2024, 11:4316,527
1 / 3

1-nji martda Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalar:

  • Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; 
  • “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 
  • “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.