Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministri bilen duşuşdy

14.03.2024, 22:286,454

12-nji martda Türkmenistanyň Özbegistandkay ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministri K.Şaripow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň ylym-bilim ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.
Şonda Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek baradaky meýilnamalara jikme-jik seredildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.