Russiýanyň Prezident saýlawlarynyň deslapky netijeleri yglan edildi

18.03.2024, 12:3643,871

15-nji martdan 17-nji mart aralygynda Russiýanyň Prezident saýlawlary geçirildi. Russiýanyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň deslapky maglumatlaryna görä, RF-iň häzirki Prezidenti rekord 77% saýlawlara gatnaşyk bilen saýlawçylardan 87,32% ses alyp, ýene bir möhlete gaýtadan saýlandy. Bu barada TASS habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşenbe güni irdene çenli uçastok saýlaw komissiýalarynyň gutarnykly teswirnamalarynyň 99,67%-i işlenildi.

Deslapky hödürlenen maglumatlara görä, ikinji orny RFKP-den (Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasy) dalaşgär Nikolaý Haritonow eýeleýär – ol 4,3% ses aldy.

Prezidentlige iň ýaş dalaşgär – Döwlet Dumasynyň 40 ýaşly wise-spikeri Wladislaw Dawankow (“Täze adamlar” partiýasy) 3,82% bilen üçünji orny eýeleýär. Dörtlügi RLDP-niň (Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasy) lideri Leonid Sluskiý jemleýär – 3,20%.

Wladimir Putin eýýäm birnäçe daşary ýurt liderlerinden gutlaglary kabul edip başlady. 

Saýlawlaryň resmi netijeleri MSK tarapyndan 21-nji martda yglan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.