Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

23.06.2026, 09:165,430

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy.

​Saýlaw uçastoklarynyň 99,99%-inden gelen maglumatlar işlenip taýýarlanandan soň, ol jemi 12 959 542 ses (49,66%) toplamagy başardy we 12 708 712 ses gazanan (48,7%) çepçi güýçleriň wekili Iwan Sepedany yzda galdyrdy.

​Saýlawlaryň ikinji tapgyry 21-nji iýunda geçirildi. Espriella prezidentlik wezipesine resmi taýdan 7-nji awgustda girişer.

​Barrankiýa şäherinde öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş eden täze prezident goldaw berendikleri üçin saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi. Ol ýurduň Konstitusiýasyna ygrarly bolup, oňa pugta eýerjekdigine hem-de ähli raýatlaryň, şol sanda öz bäsdeşine ses berenleriň hem hukuklaryny gorajakdygyna söz berdi.

​De la Espriella saýlawlara özi tarapyndan esalandyrylan «Watan goragçylary» atly garaşsyz halk hereketiniň adyndan gatnaşdy. Ol Kolumbiýanyň raýatlygyndan başga-da Italiýanyň we ABŞ-nyň hem raýatydyr.

​Saýlaw kampaniýasynyň dowamynda syýasatçy häzirki prezident Gustawo Petronynyň ykdysadyýet we durnukly howpsuzlyk ulgamyndaky alyp barýan syýasatyny yzygiderli tankyt edip geldi. De la Espriella prezident wezipesinde hökümetiň işgärler sanyny 40% azaltmagy, salgyt binýadyny giňeltmegi, şeýle-de jenaýatçylyga garşy örän berk we netijeli zarba urmagy wada berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.