Aşgabat şäheri Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli dabaralary geçirmäge taýýarlanýar

10.05.2024, 23:3622,283

Aşgabat şäheri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara taýýarlyk görýär. Şonuň çäklerinde alnyp barylýan işler barada wise-premýer B.Annamämmedow anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin paýtagtymyzyň binalarynyň daş-töwereginde, seýilgählerinde we bag ekilen ýerlerinde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de şäheriň esasy  köçelerinde baýramçylyk mahabatlary, LED ekranlarda şygarlar we nyşanlar  ýerleşdirilýär.
Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň sütünleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň we ýazyjy-şahyrlarynyň, söz ussatlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen “Magtymguly  Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri doly tamamlandy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.