Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasy täze baş direktoryny saýlady

02.06.2024, 01:584,335

26-30-njy maý aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilýän Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä guramasynyň (WOAH) wekilleriniň Assambleýasynyň 91-nji umumy mejlisine gatnaşdy.

Özüniň 100 ýyllygyny belleýän WOAH-yň mejlisiniň çäklerinde dünýäde haýwanlaryň saglygy üçin durnukly geljegi bilelikde döretmek meseleleri we häzirki döwürde guramanyň gazanan üstünlikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
28-nji maýda WOAH-yň Baş direktory wezipesine geçirilen saýlawlaryň netijesi boýunça agzalan wezipä Fransiýa Respublikasyndan dalaşgär Emmanuel Subeýran 2024-2029-njy ýyllar döwri üçin saýlanyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.