Türkmenistanyň Mejlisi birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmegiň üstünde işleýär

22.06.2024, 19:158,618

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, Býujet, Sanitariýa kodekslerine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek babatda işleriň dowam etdirilýändigi aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu kanunlar döwletimiziň ösüş maksatlaryny beýan etmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu babatda netijeli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.