MMA Uncensored: Mahaçew güýzde Sarukýana garşy titul söweşini geçirer

25.06.2024, 19:2220,136

Russiýaly Islam Mahaçew bilen ermenistanly Arman Sarukýanyň arasynda ýeňil agramda UFC-niň titul söweşi 5-nji oktýabrda Ýutada (ABŞ) geçiriljek UFC 307 ýaryşynda bolup biler. Bu barada MMA Uncensored habar berýär.

Ýatlap geçsek, Mahaçew 1-nji iýunda geçirilen UFC 302 ýaryşynda amerikaly Dastin Porýeni bäşinji raundda ýeňip, üçünji gezek ýeňil agram derejesinde UFC-niň çempiony titulyny goramagy başardy.
Sarukýan soňky söweşini UFC 300-de geçirdi we braziliýaly Çarlz Oliweýrany emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňdi.
Sarukýan bilen Mahaçew ilkinji gezek 2019-njy ýylda duşuşdylar. Şonda emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Mahaçew ýeňiş gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.