Türkmenistanyň wekiliýeti Aktauda geçiriljek "Demirgazyk-Günorta" forumyna gatnaşar

10.07.2024, 15:012,488

19-20-nji iýulda Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangariniň ýolbaşçylygynda Aktauda "Demirgazyk - Günorta" ulag söwda-eksport forumy geçiriler. Bu barada ElDala.kz habar berýär.

Foruma Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus, Hindistan, Eýran, Oman, Pakistan, Russiýa, Siriýa we BAE-den wekiller gatnaşar.
Forumda demir ýoluň, ýol ugurlarynyň we portlaryň ösüşi hem-de logistikanyň beýleki taraplary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň çäginde «Gazagystanyň söwda we eksport mümkinçilikleri» atly sergi geçiriler.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, foruma gatnaşyjylar işewürlik gepleşikleri geçirmäge, Aktau we Kuryk portlaryna baryp görmäge mümkinçilik alarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.