“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

12.07.2024, 22:0516,579

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Aşgabat” teleýaýlymyna we “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçylary belledi.

Hususan-da, «Aşgabat» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine S.Begenjow bellenildi. Bu ýaýlymyň öňki başlygy M.Rejepow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen, Ş.Purmämmedow «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu teleradioýaýlymyň başlygy wezipesine Ý.Kasymow bellenildi.
Döwlet Baştutany wezipä täze bellenen ýolbaşçylara  üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.