Türkmen ilçisi “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Forumynyň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşmaga gatnaşdy

12.08.2024, 07:251,838

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Seuldaky diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda Sekretariatyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, ýagny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň baş direktory, şu ýylyň güýzünde Seulda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň 17-nji mejlisi bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna seretdiler.
Mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.