Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkmenistan bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek isleýär

04.09.2024, 15:3416,290

Russiýanyň futbol bileleşigi (RFS) Russiýa bilen Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny guramagy teklip etdi. RFS-niň bu başlangyjyny Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýaryşlar bölüminiň başlygy Resul Mämmedow tassyklady diýip, Sport24 habar berýär.

«RFS bize noýabr aýynda Moskwada ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek teklibi bilen ýüz tutdy. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi häzirki wagtda iş sapary bilen Portugaliýada bolýar. Bu ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip-geçirmezlik barada diňe ol karar berip biler" diýip, Mämmedow teswir berdi.

Duşuşyk 11-19-njy noýabrda FIFA-nyň resmi günlerinde geçirilip bilner. Emma teklip heniz öwrenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.