Gyzylarbat etrabynyň we Balkanabat şäheriniň häkimleri çalşyldy

07.09.2024, 08:2029,507

Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi Annamyradow Şöhrat Hudaýberdiýewiçi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Balkanabat şäheriniň häkimi Emin Ýegenmyradowiç Aşyrow bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Gyzylarbat etrabynyň häkimi özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany bilen, Öwezgeldi Amanberdiýewiç Goşjanowy Balkan welaýatanyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.