Hindistanyň ilçihanasy Aşgabatda bag ekmek çäresini geçirdi

09.09.2024, 14:4112,256
1 / 3

Aşgabatda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda bag ekmek çäresi geçirildi. Bu çäre Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň yglan eden «Ek Ped Maa ke Naam» (Plant4Mother, Enäniň hatyrasyna bir agaç) başlangyjynyň bir bölegidir diýip, diplomatik wekilhanada habar berdiler.

Bag ekmek çäresi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň çäginde geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň rektory Orazgeldi Öwezsähedow we Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat gatnaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.