Apple Intelligence emeli aň ulgamynyň elýeterli boljak senesi belli boldy

10.09.2024, 17:018,611
1 / 2

Apple-iň köp garaşylan emeli aňy Apple Intelligence köpçülikleýin elýeterli bolmaga ýakynlaşýar. 9-njy sentýabrda geçirilen iPhone 16 smartfonlarynyň tanyşdyrylyşynda kompaniýa synag möhleti barada maglumat berdi.

Eýýäm 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ABŞ-nyň ýaşaýjylary ilkinji köpçülikleýin synaga gatnaşyp bilerler. 2024-nji ýylyň dekabr aýynda synaga Awstraliýa, Kanada, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika we Beýik Britaniýa goşular.
2025-nji ýylda Apple Intelligence hytaý, fransuz, ýapon we ispan dillerinde elýeterli bolar.
Synag möhletiniň yglan edilendigine garamazdan, emeli aň ulgamynyň doly relizi näbelli bolup galýar. Gürrüňlere görä, ol 2025-nji ýylyň tomsundan ir bolmaz. Beýleki dilleriň haçan goşuljakdygy barada hem maglumat berilmeýär.
Apple Intelligence-iň aýratyn tanyşdyrylyşy iýul aýynda WWDC 2024 konferensiýasynda bolup geçdi. Emeli aňyň anons edilen mümkinçilikleri barada biz şu materialda habar berdik.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.