Türkmenistanda 2052-nji ýyla çenli ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasy tassyklanyldy

25.09.2024, 11:265,053

Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň we täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek maksady bilen kabul edildi.
Resminama laýyklykda, 
Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Strategiýada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.