Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

26.10.2024, 04:205,048

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Lyong Kyonga tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat hem-de Wýetnamyň halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Wýetnamyň täze saýlanylan prezidenti häzir 67 ýaşynda, ol 1975-nji ýylda ýurduň harby goşunynyň düzümine goşuldy. Ondan öň Lyong Kyong syýasy komissar, goşun okrugynyň baş müdirliginiň orunbasary we Wýetnamyň esasy syýasy müdirliginiň başlygy wezipelerinde işledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.