“Iner” HJ Türkmenbaşy şäherinde 4 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurar

27.11.2024, 10:567,489

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserni Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzer we olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurar.
Gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlanyp, ýaşaýyş jaýlaryny 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.