Türkmenistanyň Prezidenti Täze ýylda ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny tabşyrdy

28.12.2024, 12:1212,783

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýylyň baýram edilýän günlerinde ähli gulluklarda nobatçylyk tertibiniň ýola goýulmagyny tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutany 27-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýtdy. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk günlerinde jemagat hojalygy, elektrik we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, dükanlaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi, raýatlarymyzyň gowy dynç alyp, Täze ýyly ýokary derejede belläp geçmekleri üçin ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.