Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isibany doglan güni bilen gutlady

05.02.2025, 04:162,569

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isiba tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

2024-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaponiýanyň Parlamenti Isibany Premýer-minsitr saýlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.