Germaniýada parlament saýlawlary geçirildi. Fridrih Mers täze kansler bolar

24.02.2025, 11:345,110
1 / 2

Germaniýa Federatiw Respublikasynda bundestagda (Parlamentde) geçirilen möhletinden öňki saýlawlarda birinji orny HDB/HSB konserwatiw partiýasy (Hristian-demokratik bileleşik / Hristian-sosial bileleşik) eýeledi. Partiýa saýlawçylaryň 28,6%-iniň sesini aldy. Bu maglumatlary Merkezi saýlaw topary jemi 299 sany saýlaw okruglar boýunça boýunça sesleri sanandan soň habar berdi. 

HDB/HSB partiýasynyň ýolbaşçysy Fridrih Mers Germaniýanyň täze kansleri bolar. Onuň partiýadaşlary parlamentde 208 orun eýelärler. 
Ikinji orny ultrasagçylar partiýasy bolan "Germaniýa üçin alternatiwa" eýeledi - 152 ýer (20,8%). Häzirki kansler Olaf Şolsuň partiýasy bolan Sosial-demokratik partiýa - 120 orun aldy (16,4%).
Bundestagda sesleriň aglaba bölegini alan geljekki kansler Mers täze Hökümeti düzer. Täze Hökümeti ol 20-nji aprele çenli düzjekdigini aýtdy.
Şols Mersi saýlawlarda ýeňşi blen gutlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.