Kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş üç günde ikinji dünýä rekordyny goýdy

11.06.2025, 17:305,215

18 ýaşly kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Kanadanyň Suwda ýüzmek federasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

Ol milli saýlama ýaryşlarynda 2 minut 5,7 sekunt netijäni görkezdi. Şeýlelikde, Makintoş tas on ýyl ozal wengriýaly türgen Katinka Hossu tarapyndan goýlan öňki rekordy (2.06,12) täzeledi.
Üç günüň içinde bu Makintoşyň ikinji dünýä rekordy boldy. 7-nji iýunda ol 400 metr aralygy erkin usulda 3 minut 54,18 sekuntda ýüzüp geçdi. Bu hem taryhda iň gowy netije boldy.
Makintoş üç gezek Olimpiýa çempiony we dört gezek dünýä çempionydyr. Mundan başga-da, oňa 400 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde dünýä rekordy degişli – 4 minut 24,38 sekunt.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.