Lexus LFA-nyň mirasdüşerini taýýarlaýar: kuwwatly LFR superkary takmynan 900 at güýjüni alar

15.09.2025, 12:464,797

Nýurburgring ýolunda 2010-2012-nji ýyllarda öndürilen LFA modeliniň mirasdüşeri boljak Lexus LFR superkarynyň prototipleri göze ildi.

Autoevolution-yň  berýän maglumatyna görä, synaglara dürli aerodinamiki elementleri bolan LFR-iň üç wersiýasy gatnaşdy: biri uly antikryloly, beýlekisi kiçeňräk spoýlerli we üçünjisi goşmaça böleksiz.
Gizlin düşürýän suratçylaryň fotosuratlaryna görä, hereketlendiriji oturgyçlaryň aňyrsynda ýerleşýär. Awtoulagyň iki turbinaly we öz-özüne zarýad berýän gibrid ulgamly 4,0 litrlik V8-i aljakdygy çak edilýär. Kuwwaty 900 at güýji töweregi bolup biler.
Superkaryň agramyny azaltmak üçin ugleplastika ulanyp, alýumin platformasynda gurulmagyna garaşylýar.
Kompaniýa Lexus LFR-iň özboluşly V10-ny we ajaýyp öndürijiligi bilen tanalýan LFA-nyň ruhy mirasdüşeri hökmünde orun alýandygyny belledi. Täze modeliň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylda geçirmek meýilleşdirilýär. Awtoulag dünýä derejesindäki sport modelleriniň geljekki bäsdeşi hasaplanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.