McLaren Norris bilen Piastriniň gatnaşmagynda Las-Wegasyň stilinde superkar döretdi

15.11.2025, 16:453,509
1 / 5

McLaren Special Operations (MSO) bölümçesi Las-Wegasyň stilindäki dizaýn bilen özboluşly McLaren 750S Spider superkaryny hödürledi.

Taslama Project Viva adyny aldy we awtomobilleri şahsylaşdyrmak boýunça MSO-nyň mümkinçiliklerini görkezýär. Awtoulag Las-Wegasda geçiriljek geljekki Formula-1-iň Gran-prisinde görkezmek üçin taýýarlandy, ony döretmek işine bolsa McLaren-iň sürüjileri Lando Norris bilen Oskar Piastri gatnaşdy.
Awtomobiliň daşky bezegi Muriwai White ak we Vegas Lights gara reňklerini gök, gyrmyzy we ýaşyl öwüşginler bilen utgaşdyrýar. Project Viva-nyň kuzowy elde ýerine ýetirildi we şäheriň atmosferasyny hem-de britan brendiniň taryhyny görkezýän köp sanly suratlar bilen bezeldi.
Awtomobilde oýun kubiklerini, kartlary, kazino stilinde ýazgylary we Las-Wegasyň gözel ýerlerini görüp bolýar. Yzky bamperde Formula-1-de Konstruktorlaryň Kubogynda “Maklareniň” gazanan ýeňişleriniň şanyna 10 ýyldyz ýerleşdirildi.
Şeýle-de, kuzowda Brýus Maklareniň 1970-nji ýyldaky ýaryş şlemi we ýaryş toparynyň geljekki esaslandyryjysynyň ýaşlykda Täze Zelandiýadaky Muriwai Hill Climb ýaryşynda gazanan kubogy şekillendirildi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.