Käsiniň çyndygyna ynanmasy kyn: höwesjeňleriň ýabany tebigatda düşüren naýbaşy suratlary

14.03.2026, 12:0410,448
1 / 13

reFocus baýragynyň guramaçylary “Ýabany tebigatyň höwesjeň suratlary” kategoriýasynda 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Gysga sanawa dünýäniň dürli künjeklerinde — Antarktidadan we Afrikadan Aziýa, Arktika we Amerika çenli düşürilen suratlar girýär.

Ähli suratlar tebigy şertlerde düşürilip, haýwanlaryň durmuşyndaky hakyky pursatlary beýan edýär.

Sylaglanan işleri siziň dykgatyňyza hödürleýäris:

“Pingwiniň uçuşy” / © Mat Bell
Adeli pingwini Antarktidanyň sowuk suwlaryndan aýsberge tarap üç metre golaý bökýär. Surata onuň takyk we güýçli böküş wagtynda howada asyl-asyl bolup duran wagty düşürilipdir.

"Sakçy" / © Mats Carduner
Ýalňyz oturan deňiz guşy Gündogar Grenlandiýanyň kenaryny synlaýar. Suratda Arktikanyň tebigy gurşawyndaky üýtgeşmeler we yza çekilýän buzlara uýgunlaşýan haýwanlaryň durmuşy suratlandyrylýar.

"Ýagtylygyň döwülmegi" / © Skott Robert
Ýagtylyk obýektiwde döwlüp, ýabany tebigatyň keşbini abstrakt diýen ýaly şekile öwürýär, onda hereket, reňk we atmosfera bir kompozisiýada jemlenýär.

"Geljege nazar" / © Kasey Mueller
Urkaçy gorilla täze doglan çagasyny gujaklap dur. Suratda haýwanyň ejizligi we tebigaty goramak boýunça tagallalar arkaly populýasiýany dikeltmek umydy görkezilýär.

"Ýalta leopard" / © St. John Gunn
Gaplaň dynç alýar, ýöne onuň durşunda hüşgärlik görünýär – ýabany tebigatda, hatda asuda pursatlar hem ünsli bolmagy talap edýär.

Borneý orangutany” / © Dev Kumar
Ýaş orangutan adama dikanlap seretmek bilen, haýwanyň ýakyn we asuda portretini döredýär.

Baýguş taksisi” / © Rebecca DePorte
Asmanda çaknyşyk bolýar: grakllar alabeder baýguşa hüjüm edýär. Surata hereket we göreş pursady düşürilipdir.

“Kosatkalar orkestri / © Rose Van Der Zwan
Kosatkalar Norwegiýanyň kenaryndaky suwdan atylyp çykyp dik ýokary galýar. Olaryň sinhron hereketi has-da täsirli.

"Ene söýgüsi" / © Bin Wang
Mähir bilen ideg edilýän pursadyň görnüşi ýabany tebigatda ene bilen onuň çagasynyň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny ýatladýar.

Suwdaky gezelençler” / © Jack James

Gyzylinjik daň saz berende dumanly kölde ýüzüp barýar, ýeňil hereket edýär we gaýyp barýar diýen ýaly.

Ýabany tebigatyň beýleki suratlaryny şu ýerden görüp bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.