Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň ekranlarynyň ýagtylygy bilen bagly nogsany boýun aldy

22.03.2026, 09:434,837

Samsung kompaniýasy Galaxy S26 Ultra ekranlarynyň ýagtylygynyň öňki model bilen deňeşdirilende pesdigini tassyklady. Muňa "Privacy Display" gorag gatlagy sebäp boldy.

Kompaniýa ýagtylygyň peselmegini ujypsyz hasaplaýar, emma bu tapawut funksiýa öçürilende hem duýulýar. Funksiýa işledilende bolsa, şekiliň reňk sazlaşygy hem peselýär.

Reddit ulanyjylary gorag režimi işjeň wagty enjamdan uzak wagtlap peýdalanmagyň oňaýsyzdygy barada köpçülikleýin şikaýat edýärler.

Mundan başga-da, smartfon eýeleri deslapdan gurlan programmalaryň sanynyň köplügini hem tankytlaýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.