Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

30.03.2026, 14:481,750

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi.

Täze tehnologiýanyň goşulmagy netijesinde sözme-söz terjime etmegiň deregine, sözlemleriň manysyny has dogry bermek we baglanyşyga doly eýermek, şeýle-de aňlatmalary, gürleýiş dilindäki meňzetmeleri we hatda köçe dilini-de has takyk terjime etmek mümkin boldy.

Täzelenme 26-njy martda ýaýrap başlady. Ol eýýäm iOS programmasynda we hyzmatyň web-wersiýasynda elýeterlidir.

Bu ulgam häzirki wagtda iňlis dili bilen bir hatarda ispan, hindi, hytaý, nemes we ýapon dilleri ýaly 20-ä golaý diliň terjimesine girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.