Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

06.05.2026, 04:1813,416

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi habar berýär.

Ýolagçylara uçuşdan öň terminal baradaky maglumatlary anyklamak maslahat berilýär.

Şeýle hem, ýolagçylara 3-nji terminalda özbaşdak hasaba alyş (self check-in) hyzmatlaryndan peýdalanyp, uçuş üçin degişli gapylara geçmek teklip edilýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.