«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

11.05.2026, 21:105,932
1 / 4

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär.

Belarusiýanyň «OOO NTP-Sintez» kompaniýasynyň bu önümleri 12–14-nji maý aralygynda Aşgabatda geçiriljek Agro Pack Turkmenistan 2026 we Food Turkmenistan 2026 halkara sergilerinde görkeziler.

«KompleMet» dökünleriözüniň organiki-mineral düzümi bilen tapawutlanýar

Dökün helat mikroelementlerine we tebigy ösüş stimulýatorlaryna baýdyr. Onuň düzümindäki:

  • auksinler kök ulgamynyň ösmegini höweslendirýär, nahallaryň gowy düýp tutmagyna, ösümlikleriň guraklyga çydamly bolmagyna, başga ýere oturdylanynda durnuklylygyny saklmagyna kömek edýär.
  • gibberellinler baldaklaryň we ýapraklaryň ösüşini çaltlandyrýar, tohumlaryň tiz gögermegine ýardam edýär, gülleýşi we miwe emele gelmegini höweslendirýär. Netijede, miweler has uly bolýar, üstesine-de özüne çekiji görnüşe eýe bolýar.

Mundan başga-da bu organiki dökünleriň düzümi B1, B6, B12 witaminlerine, aminokislotalara, adenine we algin turşusyna (polisaharide) baýdyr.

«KompleMet» dökünleri ekinleriň ençeme görnüşi üçin niýetlenendir:

  • pomidor
  • ýeralma
  • şugundyr
  • hyýar
  • baglar we üzümçilikler
  • ýorunja
  • sitrus ekinleri
  • däneli ekinler
  • kösükliler
  • gowaça
  • mekgejöwen
  • güller
  • öý ösümlikleri
  • gazon otlary we beýleki ekinler

«KompleMet» dökünleriniň artykmaçlyklary:

✔ Peýdaly maddalaryň ýokary konsentrasiýasy

✔ Ösümlikler tarapyndan çalt özleşdirilmegi

✔ Ulanyş üçin amatly suwuk görnüşi

✔ Tygşytly sarp edilişi

✔ Daşky gurşaw üçin howpsuzlygy

✔ Gaplamanyň dürli görnüşleri (200 millilitrden 20 litre çenli)

«KompleMet» dökünleriniň Türkmenistandaky dileri ekerançylara durnukly ösüş, bol hasyl we önümiň ýokary hili üçin döwrebap çözgütleri hödürleýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Aşgabat ş., Büzmeýin etraby: +993 65 133346
  • Lebap welaýaty, Türkmenabat ş.: +993 61 719759
  • Mary welaýaty, Mary ş.: +993 61 875659