BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP), Tähran konwensiýasynyň wekilleri we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde galyndylary dolandyrmak boýunça tegelek stol maslahatyny geçirdi.

Russiýa Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Deňiz zibili we deňiz plastikasy bilen göreşmek – Hazarda ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebit taslamasynyň çäklerinde guralan bu çärä döwlet edaralarynyň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda Hazar deňziniň galyndylar, ilkinji nobatda, plastik galyndylar bilen hapalanmagynyň öňüni almak, galyndylary dolandyrmagyň milli ulgamyny kämilleşdirmek, häzirkizaman standartlary işläp düzmek hem-de Türkmenistanyň Hazarýaka sebitinde gözegçilik geçirmegiň we maglumat ýygnamagyň täze usullaryny ornaşdyrmak meselelerine garaldy.

Şeýle hem hapalanmagyň çeşmelerini anyklamaga we daşky gurşawy goramak çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek galyndylara gözegçilik maksatnamasyny ýola goýmaga aýratyn üns berildi.
Bu sebit taslamasy aýlawly ykdysadyýet ýörelgelerini öňe sürmek, galyndylary dolandyrmagyň durnukly çemeleşmelerini ösdürmek we Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny berkitmek arkaly gury ýerden deňze düşýän galyndylary azaltmaga gönükdirilendir.
Tähran konwensiýasynyň mehanizmlerine we deňiz zibili bilen göreşmegiň halkara tejribesine esaslanýan bu taslama Hazar sebitiniň ýurtlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilip, deňziň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamaga ýardam berýär.