«Uly nemes üçlügi», ýagny Audi, BMW we Mercedes-Benz 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýy boýunça hasabatyny paýlaşdy. Kompaniýalaryň üçüsi hem esasy görkezijileriniň peselendigini mälim etdi.
Çökgünlige esasan Hytaýda islegiň peselmegi we ABŞ-da import paçlarynyň girizilmegi sebäp bolanlygy aýdylýar.
2026-njy ýylyň I ýarym ýyllygy boýunça esasy netijeler:
- Audi: Bütin dünýä boýunça satuwlar 727,2 müň awtoulaga çenli peseldi (geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirende 7% az). Ýewropadaky satuwlaryň ösmegi (345,2 müňden 363,5 müňe çenli) Hytaýdaky (287,6 müňden 232,2 müňe çenli) we ABŞ-daky (98,7 müňden 82,2 müňe çenli) peselmeleriň öwezini dolup bilmedi. Brendiň girdejisi 32,6 milliard ýewrodan 29,2 milliarda çenli azaldy, arassa peýda bolsa 1,35 milliard ýewrodan 1,12 milliarda çenli aşak düşdi.
- BMW: Brendiň satuwy 6,2% azalyp, takmynan 1 million maşyn ýerlenildi (ýöne BMW topary premium segmentde liderligini saklap galmagyny dowam etdirýär). Girdeji 58,7 milliard ýewrodan 54,3 milliarda çenli azaldy, arassa peýda bolsa €2,87 milliard ýewro düşdi (25% az).
- Mercedes-Benz: Dünýä boýunça satuwlar 7% azalyp – 837,2 müň awtoulaga ýetdi. Islegiň peselmegi esasy model hatarlarynyň ählisine täsir ýetirdi. Ýewropada satuwlar 5% (325 müňe çenli), Demirgazyk Amerikada – 15% (181 müňe çenli) ýokary galdy. Şol bir wagtyň özünde, Hytaý bazarynda marka birden 28% aşaklady (210,2 müň maşyn satyldy). Arassa peýda 2,69 milliard ýewrodan 2,52 milliarda çenli azaldy.
Awtobazardaky umumy çökgünlik bilen bir wagtda Germaniýada rekord derejedäki üýtgeşme bellige alyndy: iýun aýynyň jemleri boýunça elektromobiller meşhurlygy boýunça diňe bir adaty gibridlerden däl, eýsem klassik ýangyçly maşynlardan hem öňe geçip, ýurtdaky ähli satuwlaryň 28%-den gowragyny eýeledi.
Indi konsernler çykdajylaryny gözden geçirmäge mejbur bolýarlar. Mysal üçin, BMW iýul aýynyň ahyrynda 2027-nji ýyla çenli bütin dünýäde 8 müň iş ornuny azaltmak meýilnamasyny yglan etdi (esasan Germaniýadaky administratiw işgärler we öwez tölegli meýletin gitmek maksatnamalary arkaly). Şoňa meňzeş maksatnamalary ozal Volkswagen, Audi we Mercedes-Benz kompaniýalary-da durmuşa geçirip başlady.