Tatarystanda Tuganlend - Disneýlendiň ýerli görnüşini gurmak meýilleşdirilýär

03.08.2026, 11:093,597
1 / 2

"Tugan Batyr" taslamasyny döredijiler Tatarystanda "Tuganlend" güýmenje giňişligini gurmagy maksat edinýärler. Olar onuň dünýä derejesindäki desga öwrülmegini we dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylary özüne çekmegini göz öňünde tutýarlar. Taslamany dörediji we "Tugan awylym" milli toplumynyň esaslandyryjysy Radik Abdrahmanow "Tatar-inform" agentligine beren interwýusynda şeýle diýdi:

"Biziň esasy global maksadymyz Tuganlend gurmakdyr. Bu dünýäde meşhur boljak we dünýäniň çar künjeginden adamlary hem-de myhmanlary özüne çekjek Disneylenddir" - diýip, Abdrahmanow aýtdy.

"Tugan Batyr" türki halklaryň miflerine we rowaýatlaryna esaslanýan meşhur medeni taslamadyr. Ol çagalar üçin kitaplary, komiksleri, animasiýa seriallaryny, teatr oýunlaryny hem-de ýaşlary taryh we däp-dessurlar bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen sport ýaryşlaryny öz içine alýar. Tugan Batyr hakyndaky rowaýat arap, türk, iňlis we hytaý dillerine terjime edildi.
 

Abdrahmanowyň sözlerine görä, "Tugan Batyr" taslamasy çagalara häzirki zaman milli gahrymanyny bermek üçin döredildi. Munuň üçin awtorlar Tatarystanyň Milli kitaphanasynda çagalaryň ertekilerinidir taryhy materiallary öwrendiler we häzirki zaman tomaşaçylaryna laýyk gelýän täze gahrymany döretmek kararyna geldiler.

"Çagalarymyza nusga alarlyk keşbiň ýitendigine düşündik. Milli kitaphana gitdik, çagalar üçin ertekilere, hekaýatlara täzeden göz aýladyk we täze, gyzykly hekaýatlaryň, gowy manyly, oňat mazmunly we ajaýyp suratly ertekileriň ýeterlik däldigini gördük. Şonuň üçin hemmeleriň göwnünden turjak öz keşbimizi döretmeli diýen karara geldik" - diýip, Abdrahmanow belledi.

Döredijileriň pikirine görä, Tugan Batyr dünýäni aýlanyp, dürli ýurtly gahrymanlar bilen tanyşýar hem-de türki we gündogar halklarynyň wekillerini birleşdirýär. Taslamany döredijiler däp bolan gymmatlyklaryň giňden ýaýradylmagyny, Watana bolan söýgini, maşgala, ata-babalara we medeni mirasa bolan hormaty artdyrmagy esasy maksat hökmünde görkezýärler.
 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.