Nýurnbergde 1,8 müň sazanda dünýä rekordy üçin 72 sagatlap yzyny üzmän saz çaldy

04.08.2026, 15:551,503
1 / 3

Nýurnberg şäherindäki (Bawariýa federal topragy) Keramatly Ýakow ybadathanasynda 140-dan gowrak «üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» orkestrinden 1,8 müň töweregi sazanda dünýä rekordyny goýmak üçin 72 sagadyň dowamynda yzyny üzmän saz çaldy. Bu barada «Süddeutsche Zeitung» gazeti habar berýär.

Üç günlük konserti gurnan sazandalar 2-nji awgustda irdene çenli dünýä rekordyny goýmagy meýilleşdiripdi.

«Ähli zat bolmalysy ýaly geçdi, sagat 09:00 bolanynda barymyz begenip gygyryşdyk» – diýip, Bawariýanyň Ýewangeliýa üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestrleriniň assosiasiýasynyň guramaçysy Tomas Engelbreht gürrüň berdi.

Indi hemmeler Germaniýanyň Rekordlar institutynyň dünýä rekordyny resmi taýdan tassyklamagyna garaşýar.

30-njy iýulda günüň birinji ýarymyndan başlap, trombonlardan başga-da surnaýlar, waltornalar we beýleki mis saz gurallary ýaňlandy. Sazyň 72 sagadyň dowamynda yzygiderli ýerine ýetirilmegi üçin guramaçylar konserti dowamlylygy 90 minutdan bolan 48 tapgyra böldi. Olaryň hersinde gezekleşip üç orkestr çaldy, şondan soň olary sazandalaryň indiki topary çalşyrdy. 

Olar ara hiç hili böwşeňlik salman gezekleşmelidi. Neşiriň belleýşi ýaly, Bawariýanyň dürli ýerinden gelen 140-dan gowrak «üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» orkestriniň muňa öňünden taýýarlanmaga mümkinçiligi bolmady.

Dünýä rekordyny goýmak synanyşygy 2-nji awgustda irden köp sanly dindarlary ýygnan baýramçylyk ybadaty bilen tamamlandy. Üç günüň dowamynda saz marafony fotosuratlar, wideoýazgylar we gatnaşyjylaryň gollary arkaly resmileşdirildi. Bu materiallar barlag üçin Germaniýanyň Rekordlar institutyna iberildi. Netijäni resmi taýdan tassyklamak üçin birki gün gerek bolar.

Guramaçylar bu marafonyň kömegi bilen «Posaunenchöre-iň» – Germaniýada giňden ýaýran üflenip we kakylyp çalynýan mis saz gurallary ansambllarynyň işine ünsi çekmek isleýär. Diňe Bawariýanyň özünde 15 müň sazandasy bolan 830-a golaý şeýle topar bar.

Engelbrehtiň aýtmagyna görä, adamlar, köplenç, şeýle ansambllar diňe ybadatlara we jaýlama dabaralaryna hyzmat edýär diýip kabul edýär. Şol sebäpli bu aksiýa şeýle pikiri aradan aýyrmaga, toparlaryň repertuarynyň diňe bir gynançly ýa-da dini sazlar bilen çäklenmeýändigini, eýsem onuň köpdürlüdigini görkezmäge hem-de täze sazandalary çekmäge gönükdirilendir.

Ozal üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestrleriniň iň uzak dowam eden yzygiderli çykyşy üçin dünýä rekordy ýokdy. Ýöne 2023-nji ýylda Gamburgda üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynyň sazlarynyň 24 sagatlyk konserti geçirilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.