ABŞ-da meşhur aýdymçylaryň täze albomy çykan güni ýol-ulag hadysalary köpelýär

Düýn, 14:138,129

Teýlor Swift, Dreýk we Harri Staýlz ýaly meşhur aýdymçylaryň täze albomlarynyň çykmagy ABŞ-da adam ölümine getirýän ýol-ulag hadysalarynyň artmagyna sebäp bolýar. Harward lukmançylyk mekdebiniň barlagçylary şeýle netijä geldiler diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Ylmy iş JAMA Network Open žurnalynda çap edildi.

Seljermek üçin alymlar 2017–2022-nji ýyllar aralygynda çykarylan hem-de çykan ilkinji güni Spotify-da iň köp diňlenen 10 sany albomy saýlap aldylar. Barlag üçin saýlananlaryň arasynda Teýlor Swiftiň 2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda çykan "Midnights", Dreýkiň "Scorpion" (2018-nji ýylyň 28–29 iýuny) we Harri Staýlzyň "Harry's House" (2022-nji ýylyň 20-nji maýy) albomlary hem bar.

Alymlar ölüm ýagdaýyna getiren ýol-ulag heläkçilikleriniň sanyny şol albomlaryň çykan günlerinden öňki hem-de soňky 10 günüň görkezijileri bilen deňeşdirdiler. Hepdäniň günlerini, baýramçylyklary we ýylyň paslyny göz öňünde tutup, olar albom çykan güni şeýle heläkçilikleriň sanynyň takmynan 15% (takmynan, 18 sany ýol-ulag hadysa) artandygyny ýüze çykardylar.

Barlagyň awtorlarynyň biri Wişal Patel täze albomyň sürüjileriň ünsüni sowup biljekdigini çaklady.

"Siz telefonyňyzy blokdan açyp, mobil goşundyny işledýärsiňiz, täze çykan albomy gözledip, aýdymlaryň sanawyny gözden geçirýärsiňiz we belli bir aýdymy saýlaýarsyňyz. Bu hereketler birnäçe sekuntlap sizi ekrana seretdirýär" diýip, Patel belledi.

Ol sözüniň üstüni ýetirip, nätanyş aýdymlaryň has köp üns talap edýändigini, täze, hyjuwly aýdymlary diňlemegiň bolsa ulag sürmegiň hilini ep-esli ýaramazlaşdyrýandygyny aýdýar.

Ýol-ulag hadysalaryna has köp halatlarda ýaş sürüjiler, erkek adamlar, ýeke özi barýanlar, şeýle hem maşynlary içki multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan ulag eýeleri duçar bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.