77 ýaşly awstraliýaly Ross Simmons Kiýama şäheriniň kitaphanasyna, takmynan, 1870-nji ýyllarda alnan kitaby yzyna gaýtardy.
«Afinanyň gadymylyklary» (The Antiquities of Athens) atly bu kitaba Simmonslar uzak wagtlap ünsem bermändirler. Ýogsam onuň öýde tapylanyna 30 ýyl dagy bolupdyr. Kitaby abatlaýyş işleri geçirilende ojagyň diwaryna örülen, möhürlenen çaý gutusynyň içinden tapan ekenler.
Birnäçe hepde mundan öň Ross ony içgin öwrenmek kararyna geldi-de, kitabyň içindäki Kiýamanyň köpçülikleýin kitaphanasynyň möhrüne gözi düşdi. Şeýdip onuň kitaphanadan, takmynan, 150 ýyl ozal alnandygy belli bolýar.
Täze Günorta Wels ştatyndaky uly bolmadyk Kiýama şäheriniň kitaphanasynyň düýbi 1872-nji ýylda tutulypdyr. Kitap bolsa 506-njy belgi astynda kataloga girizilipdir. Bu onuň kitaphana gaznasyndaky ýüzlerçe nusgalaryň arasynda ilkinjileriň biri bolandygyny aňladýar.
Şeýlelikde Simmons tapyndyny eli bilen yzyna tabşyrdy. Kitaphananyň dolandyryjysy Mişel Hadson şol pursady şeýle ýatlaýar:
«Men onuň elindäki owadan, gadymy kitaba seredip, bu adam näme diýjek bolýarka diýip, aňalyp durdum. Görüp otursam, ol ony öz kanuny ýerinde goýmaga gelen ekeni».
Şol döwrüň düzgünlerine görä, kitap bir aýlyk möhlet bilen berlip, möhleti geçen her hepde üçin bolsa üç pens jerime bellenilýärdi. Eger bu günki inflýasiýany göz öňünde tutsaň, kitabyň eglenenligi üçin salynmaly jerime, takmynan, 20 müň ABŞ dollara deň bolardy.
Simmonsyň pikiriçe, kitaby 1857-nji ýylda Awstraliýa göçüp gelen garyndaşy, arhitektor Jon Simmons alan bolmaly. «Meňki ýöne bir çaklama» diýip, ol öz pikirine doly güwä geçip bilmeýändigini-de duýdurýar.
Elbetde, ony anyk aýdaýmak mümkinem däl. 1870-nji ýyllaryň okyjylarynyň atlary bellige alynýan kitapça bu wagta çenli saklanyp galmandyr.