Hindistanda 206 müňden gowrak adam şol bir wagtda kitap okap, täze rekord goýdy

Şu gün, 16:591,646
1 / 2

Hindistanyň Tamilnad ştatynyň Erod etrabynda şol bir wagtda, deňine iň köp adamyň kitap okamagy boýunça resmi taýdan täze dünýä rekordy hasaba alyndy. Bu giň gerimli çärä 206 706 adam gatnaşdy diýip, ANI News neşiri habar berýär.

Çäre üçin 519 sany ýörite meýdança döredildi, arasynda mekdepler, uniwersitetler, kitaphanalar we adaty jemgyýetçilik ýerleri bar.

​Gatnaşyjylar şol bir wagtda ylaýyk ýarym sagatlap kitap okadylar. Okamak üçin çeper edebiyat hem-de ylmy-populýar kitaplar saýlanyp alyndy.

​Ady agzalan ýerleriň ählisinde-de Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerinden düzülen eminler gözegçilik etdi. Olaryň görkezmesi bilen hemmeler gyradeň, şol bir sekuntda okap başladylar we her bir adam hasaba alyndy.

​Ýerli häkimiýetler we köpçülik işgärleri bu uly möçberli kitap okalyşygy guramak bilen, ýaşlary telefon ekranyndan «sogrup», häzirki sanly eýýamda adaty kagyz kitaplary okamagyň nähili lezzetlidigini görkezmek islediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.