Kolumbiýaly aýdymçy Şakira soňky bolup geçen ýertitremeden zyýan çeken Çoko departamentinde azyndan on mekdebiň gurluşygyna maliýe goldawyny berer. Bu barada «El Tiempo» neşiri habar berýär.
Aýdymçy Kibdo şäherine baryp gördi, ol ýerde zeper ýeten okuw jaýlaryny gözden geçirdi we mekdep okuwçylary bilen duşuşdy.
Taslama Şakira tarapyndan düýbi tutulan Pies Descalzos gaznasy tarapyndan amerikaly haýyr-sahawatçy Howard Baffet bilen bilelikde durmuşa geçiriler. Aýdymçy Çokodaky Tehnologik uniwersiteti dikeltmek işlerine kömek etmäge-de wada berdi.

Bilim infrastrukturasyny dikeltmek üçin eýýäm haýyr-sahawat serişdeleri gelip gowuşdy. Global Citizen guramasy we Live Nation bu maksatlar üçin 1 million dollar gönükdirer.
10-njy awgustda Kolumbiýanyň günbatarynda bolan 7,4 bal ululykdaky ýertitreme netijesinde, takmynan, 27 müň öý ýykyldy, ýene-de 127,5 müň jaýa zeper ýetdi.
Kolumbiýanyň Prezidenti Abelardo de la Esprielýa tebigy heläkçilikden gelen umumy zyýanyň 9,5 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýandygyny aýdýar. Bu mukdaryň, takmynan, 7,8 milliard dollary binalary dikeltmek üçin, ýene 1,7 milliard dollary bolsa infrastruktura üçin gerek bolar.
Häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, pajygaly wakanyň netijesinde azyndan 304 adam heläk boldy, 4548 adam şikes aldy, ýene 426 adam henizem dereksiz ýiten hasaplanýar. Tebigy betbagtçylyk 124 müňden gowrak maşgala täsir etdi.