Amerikan režissýory Spaýk Li 6-njy we 7-nji noýabrda Nýu-Ýorkdaky Bruklin saz akademiýasynda täze Playback kinofestiwalynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär.
Festiwal režissýoryň doglup, önüp-ösen etraby bolan Brukline bagyşlanar. Li prodýuser Nikolas Ma bilen bilelikde etrabyň taryhyny we atmosferasyny şöhlelendirýän nusgawy filmleri öz içine alýan programma taýýarlady.
Kino görkezişlerinden başga-da, myhmanlar aýdym-sazly, goşgy okaýyşly çykyşlardan, köçe artistleriň şüweleňinden, kinorežissýorlar bilen duşuşyklardan, jemgyýetçilik çärelerinden we oturylyşykdan lezzet alar.
Taslamanyň guramaçylarynyň biri Klara Wu Saýyň aýtmagyna görä, festiwalyň esasy maksady — «kino arkaly hekaýa gürrüň berýän» adamlary bir ýerde jemlemek we «kino festiwalynyň düýbünden täze görnüşini» döretmekden ybarat.
«Bruklin ýaly başga ýer ýok, bu etrabyň energiýasyna taý geljek hiç zat ýok. Bu festiwalam biziň jemgyýetimizi üýtgeşik edýän ähli zatlary görkezer», — diýip Saý aýratyn nygtady.
Festiwalyň guramaçylary geljek aýlarda takyk maksatnamany yglan etmäge söz berýärler. Petekleriň satuwy hem şonda başlar.
Spaýk Li — tanymal amerikan režissýory we “Oskar” baýragynyň eýesi. Ol jynsy we sosial deňsizlik meselelerini hem-de ABŞ-daky afroamerikanlaryň durmuşyny öwrenmekdäki barlyşyksyz gözlegleri bilen tanalýar. Onuň esasy filmleriniň arasynda "Bolmalysy ýaly et!" (1989) dramasy, raýat hukuklaryny goraýjy aktiwist baradaky “Malkolm X” (1992) atly giň gerimli terjimehal häsiýetli film, bank talaňçylygy baradaky "Tutulmasa – ogry däl" (2006) trilleri we iň gowy edebi esas üçin “Oskar” baýragyny getiren, hakyky bolup geçen wakalara esaslanýan "Gara klançy" (2018) satiriki drama bardyr.