Leonardo Di Kaprionyň we Jeff Bezosyň gaznalary «Phoenix Species Project» taslamasyny ýola goýandyklaryny yglan etdiler. Bu üstüne doly ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlary gorap saklamaga bagyşlanan iň uly maksatnama bolar.
Taslama Di Kaprio tarapyndan düýbi tutulan we maliýeleşdirilýän «Re:wild» gaznasy hem-de «Bezos Earth Fund» tarapyndan durmuşa geçiriler. Aktýor birnäçe ýyllap bu pikiriň üstünde işledi, soňra onuň başlangyjyna Jeff we Loren Sançes Bezos hem goşuldy.
Maksatnama haýwanlaryň iň seýrek duşýan 100 görnüşiniň populýasiýasyny dikeltmegi göz öňünde tutýar. Olaryň arasynda Madagaskarda ýaşaýan altyn başly sifaka, Demirgazyk Karolinadaky salamandra, Filippinlerdäki wisaý düwürtikli ýekegapan, Kosumel adasyndaky syçanlar, Galapagos adalaryndaky gülgüne gury ýer iguanasy, Tanzaniýadaky çeýe pyşbaga we Täze Gwineýadaky Attenboronyň uzyn çüňkli ýehidnasy ýaly jandarlar bar.
Taslamada göz öňüne tutulan işler ýerli häkimiýetler, ekologlar we ýerli ilatyň wekilleri bilen bilelikde amala aşyrylar. Onuň maksady, diňe bir ýitip barýan görnüşleri gorap saklamakda däl, eýsem öň ýygy-ýygydan maliýe ýetmezçiligini çekýän, emma tebigaty goramak ugrunda uly netije gazanýan guramalara uzak möhletleýin goldaw bermekden ybaratdyr.