Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy birnäçe konsullyk hyzmatlaryny almak üçin elektron ýazga geçilýändigini yglan etdi. Täze ulgam 2026-njy ýylyň 7-nji awgustyndan başlap güýje girdi.
Elektron ýazgy wiza almak, düzgün bozulmalar barada kepilnama almak we resminamalary kanunylaşdyrmak meseleleri boýunça ýüz tutulanda ulanylar. Ýazgyny resmileşdirmek üçin Ilçihananyň resmi saýtyndaky degişli hyzmatdan peýdalanmaly.
Şol bir wagtyň özünde, elektron nobat ulgamy arkaly kabul edişlige 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap ýazylyp bolar. Şoňa çenli telefon arkaly ýazylmagyň öňki tertibi dowam eder. Jaňlar iş günleri sagat 11:00-dan 13:00-a çenli kabul edilýär.