OpenAI-yň emeli aňly ilkinji enjamy possuk halka (ponçik) şekilli akylly kolonka bolar. Bu barada Bloomberg agentligi öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Bu enjamy kompaniýa Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde taýýarlaýar.
Agentligiň maglumatyna görä, ululygy takmynan hokeý şaýbasyna deňeçer bolan bu täze enjamyň içine akkumulýator oturdylar, şonuň üçin ony ýanyň bilen göterip gezibermeli bolar.
Onuň hiç hili ekrany bolmaz, ýöne içine mikrofonlar, kameralar we ýörite datçikler ýerleşdiriler. Bular bolsa gajete daş-töweregindäki ýagdaýlary synlamaga, seljermäge we "görýän" şekillerini göni emeli aň üsti bilen seljermäge kömek eder.
Enjamyň içine ýörite yşykly indikator goşmagy hem meýilleşdirýärler. Şol çyrajyk gajetiň ulanyjyny haçan diňleýändigini görkezer. Daşynda ýerleşdiriljek nähilidir bir hereketli elementler bolsa enjam bilen has tebigy ýagdaýda gepleşmäge kömek eder.
Bu täze gajetiň daşky dizaýny Joni Aýwyň esaslandyran «LoveFrom» dizaýnerçilik studiýasy bilen bilelikde döredilýär. Aslynda, bu dizaýn kompaniýasy OpenAI bilen eýýäm üç ýyldan gowrak wagtdan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Geçen ýylyň maýyndan bäri bolsa Aýw we onuň topary OpenAI-yň diňe bir dizaýn taraplaryna däl, eýsem programma üpjünçiligine-de gözegçilik edýär.
Bloomberg-iň çak edişine görä, enjamyň adaty bolmadyk daş görnüşi ony Amazon-yň we Google-yň akylly kolonkalaryndan tapawutlandyrmak üçin saýlanan bolsa gerek. Üstesine-de OpenAI kompaniýalaryň arasynda dowam edýän kazyýet dawalary görüp, Apple-iň önümlerine meňzeşlikden gaça durmaga çalyşýar.
Çeşmeler täze önümiň mümkinçilikleriniň ChatGPT ses režimine meňzejekdigini, ýöne oňa emeli aňyň has ösen modellerininiň gurnaljakdygyny belleýär. Enjam eýesiniň endiklerini kem-kem öwrenmek bilen, jogaplaryny onuň isleglerine laýyklaşdyryp biler diýlip çaklanylýar.
Bu enjamyň 2027-nji ýylda çykarylmagyna garaşylýar. Bloomberg-iň habar bermegine görä, onuň bahasy 300 dollardan arzan bolmaz.
Geljekde OpenAI şuňa meňzeş enjamlaryň tutuş bir hataryny çykaryp, häzirki zaman smartfonlarynyň ornuny tutup biljek önüm döretmegi meýilleşdirýär.